Pagta — biziň baýlygymyz

15 Oktýabr 2024
389

Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli welaýatdyr etraplarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Biz hem pagtaçy daýhanlarymyza tüýs ýürekden «Arma!» diýýäris hem-de olara ýeňil bolmadyk işlerinde üstünlik gazanmagy arzuw edýäris.

Ynsan durmuşyny hemmetaraplaýyn üpjün edýän pudaklaryň biri-biri bilen bagly bolşy ýaly, oba hojalygy pudagy-da şeýle häsiýete eýerdir. Oba hojalyk pudagynda esasy orun tutýan pagtanyň saglygy goraýyş ulgamynda, has takygy, lukmançylykda ulanylýandygy munuň bir mysalydyr.

Yhlas ABDYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.