Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

9 Oktýabr 2024
354

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmekde hem ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şu hakykatyň aýdyň mysaly hökmünde düýn paýtagtymyzda açylyp ulanylmaga berlen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini agzamak bolar. Munuň özi biziň ýurdumyzda türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamakda we bejermekde has netijeli täzeçil usullary ulanmaga mümkinçilik berer. Diňe bir paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde, ençeme etraplarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap saglygy goraýyş we dikeldiş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Bu günki gün ýurdumyzyň raýatlary dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglyk merkezlerinde ýokary derejeli lukmançylyk kömegini alýarlar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler şu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu günki günde hem paýtagtymyzda, etrapdyr welaýat merkezlerinde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleridir hassahanalaryň gurluşyklary üstünlikli dowam etdirilýär.

Keselleriň öňüni alyş işleri, ony öz wagtynda anyklamak hem-de habardar etmek milli saglygy goraýyş ulgamynyň aýratynlyklarynyň biridir. Elbetde, keselleri öz wagtynda anyklamak hem-de öňüni almak çäreleri ilatyň arasynda keselleriň derejesiniň peselmegine, adamlaryň ömürleriniň uzalmagyna ýardam edýär. Ine, şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda ilata bejeriş hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýän şypahana, dynç alyş merkezleriniň ençemesi gurlup ulanmaga berildi.

Dünýägözel HUDAÝBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy Saglyk öýüniň lukmany, şäher halk maslahatynyň agzasy.