Keseliň öňüni almak ― ilkinji çäre

9 sagat öň
10

Pasyl çalşyp, howanyň salkynlamagy bilen, möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek ähtimallygy has artýar. Şeýle bolansoň, şu günlerde geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda ýiti respirator keselleriniň öňüni almak, olardan goranmak bilen bagly maslahatlar berilýär.

Munuň ilkinji şerti dem alyş ýollaryny sowugyň ýiti täsirinden goramakdyr. Özünde keseliň alamatlary bardyr öýdüp güman edýän adam dessine saglyk merkezlerine ýüz tutmaly. Welaýat köpugurly hassahanamyzyň pulmonologiýa bölümi bu babatda iň döwrebap enjamlaşdyrylan we giň mümkinçiliklere eýe bolan merkezleriň biridir. Bölümimizde ildeşlerimiz ýörite lukmançylyk barlagyndan geçirilip, zerur bolanda, olara bejergiler berilýär. Möwsümleýin ýokanç keselleriniň öňüni almak olar sebäpli ýüze çykyp biljek kynçylyklardan wagtynda goranmakdyr.

Saida HASANOWA,
welaýat köpugurly hassahanasynyň pulmonologiýa bölüminiň lukmany.