Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy

1 gün öň
9

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Polisiýa müdirligi, Balkanabat şäheriniň polisiýa bölümi bilen bilelikde şäherdäki 25-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda  «Hereketiň sazlaşygy — ak ýollaryň ýaraşygy» diýen at  bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

 Ýaşlaryň, çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek, olaryň bu ugurdaky düşünjelerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen çärede çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekligiň ynsan saglygyny, ömrüniň rahatlygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedigi barada gürrüň etdiler. «Ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. Köçelerde, ýollarda hereket etmegiň düzgünlerini dürli usullardan, tärlerden peýdalanyp, çagalara öwretmegimiziň olaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde mynasyp orny bardyr» diýip, çykyş edenler belläp geçdiler.

Gözel Saparmämmedowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.