Täjigistanda elektromobilleriň önümçiligi ýola goýlar

26 Awgust 2024
51

Tä­ji­gis­tan­da hy­taý­ly ma­ýa­dar­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na dö­re­di­ler. Des­lap­ky me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2028-nji ýy­la çen­li ýurt­da elekt­ro­mo­bil­le­riň we ola­ra kuw­wat be­ri­ji be­ket­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak, şeý­le hem ola­ryň iş­le­me­gi üçin äh­li ze­rur inf­rast­ruk­tu­ra­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Hu­su­san-da, elekt­ro­mo­bil­le­re bo­lan is­le­gi art­dyr­mak üçin, aly­jy­la­ra ýa­şyl bel­gi­li ny­şan­lar ber­ler we dür­li ar­tyk­maç­lyk­lar dö­re­di­ler.

Ýeri ge­len­de bel­le­sek, Tä­ji­gis­ta­nyň güm­rük gul­lu­gy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, 2023-nji ýyl­da ýur­da 3316 sa­ny elekt­ro­mo­bil im­port edil­di we 2024-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da bu gör­ke­zi­ji eý­ýäm 5266 elektro­mo­bi­le ýet­di.