Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

22 Awgust 2024
121

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ilkinji partiýa guramalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirdik. Oňa guramamyzyň welaýat, Türkmenabat şäher we Saýat etrap komitetleriniň işgärleri, zawodyň işçi-hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ýurdumyzyň sebitlerinde senagat kärhanalaryny gurmak ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Şeýle hem zawodda meýilleşdirilýän işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynda we alnyp barylmagynda partiýa agzalarynyň netijeli zähmetine ýokary baha berildi. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maýsa MUHYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.