Ki­tap­ha­na hü­när­men­le­ri­niň ba­şar­ny­gy

20 Awgust 2024
103

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde ýurdumyzyň kitaphana hünärmenleriniň arasynda yglan edilen «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, ýaş kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmek, ýurdumyzyň ösüşlerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, kitaphana işiniň dürli ugurlarynyň üsti bilen wagyz etmek, kitaphana hünärmenleriniň kämil iş tejribelerini ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak, şeýle-de şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan uly täsirlere beslendi. Oňa gatnaşan kitaphana hünärmenleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän kitaplaryna syn bermekde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli usuly gollanma taýýarlamakda, beýik akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny labyzly okamakda, halk döredijiligi boýunça çykyşy ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, şeýle-de kitaphana işini açyp görkezmek boýunça teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallarda eden çykyşlary hem seljerildi.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar.