Ýaş hünärmenler garşylandy

20 Awgust 2024
98

Bäherden etrabynyň bilim bölüminde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap, bilim ulgamynda zähmet çekmek bagtyna eýe bolan ýaş hünärmenleriň garşylanyş çäresi geçirildi. Täze işe gelen ýaş hünärmenler zähmet ýoluna gadam basjak iş ýerleri bilen tanyşdyryldy.

Etrap bilim bölüminiň garamagyna işe iberilen ýaş hünärmenler 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinden orta mekdeplerdir çagalar baglarynda zähmet ýoluna başlamak bilen, kämil bilimli, döwrümize mynasyp giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegi ugrundaky tagallalara goşant goşar. Ýaşlaryň halypa mugallymlara berkidilendigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi täze taryhy döwrümizde hem halypa — şägirtlik ýörelgesiniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.