Hepdelige bagyşlanan maslahat

15 Awgust 2024
153

Ata Watanymyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl ýurdumyzda ene süýdüniň milli hepdeliginiň geçirilmegi-de şu asylly maksatlara gönükdirilendir.

Ene süýdüniň bäbek üçin möhüm ähmiýeti bar. Sebäbi ol çaganyň sagdyn ösüp ulalmagyna amatly şertleri döredýär. Özüniň hili boýunça ene süýdi çagalara berilýän beýleki iýmitlerden has ýokarda durýar. Ol ýokumly maddalary we kesellerden goraýjy elementleri özünde saklaýar. Ene süýdi kiçi ýaşly çagalar üçin iň gowy iýmit içgi bolup durýar. Doglandan birinji alty aýyň içinde bäbeklere hiç hili başga iýmit gerek däl. Ene süýdüniň düzüminde hatda howanyň iň yssy we gurak şertlerinde hem çaga üçin gerek bolan ýeterlikli suw bardyr. Çaga ene süýdüniň düzümindäki suwuklygy içiriljek islendik suwuklykdan gowy siňdirýär.

Gülälek JUMAÝEWA,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň 2-nji bäbekler bölüminiň neonatolog lukmany.