Gant şugundyry — düşewüntli ekin

14 Awgust 2024
131

Şu günler tomus paslynyň dowam edýän günlerinde kärendeçi daýhanlar ekerançylyk meýdanlarynda ekinden bereketli hasyl almak maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Pagtaçylar gowaçanyň idegini ýetirseler, gallaçy kärendeçiler ýerleri ekişe taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Bir ýerden iki hasyl almagy maksat edinýän kärendeçiler bolsa aralyk ekinleriň idegini ýetirmek bilen aladalanýarlar.

Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiginiň agzybir kärendeçileri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen gujur-gaýratly işleýärler. Daýhan birleşiginde her bir ekinden gowy netijeleri gazanyp, öňdebaryjylygy eýeleýän kärendeçileriň birnäçesi bar. Olaryň biri hem tejribeli kärendeçileriň hatarynda tanalýan Nurmuhammet Agaýewdir. Bu kärendeçi diňe bir ýokary zähmet görkezijileri bilen däl, eýsem, ekinlere edýän idegi, kärende ýeriniň arassalygy bilen hem tapawutlanýar. N. Agaýew eýelik edýän 8 gektar kärende ýerinden üstümizdäki ýylda bugdaýdan bereketli hasyl alyp, Watan harmanyna tabşyrdy. Galladan boşan meýdana aralyk ekin bolan gant şugundyryny ekip, talabalaýyk idegini alyp barýar. Yhlasly zähmetini, maňlaý derini topraga siňdirip, täze hasylyň aladasy bilen meşgullanýar. Häzirki günlerde idegi ýetirilýän ekinler gününi sanap ösýärler. Bu hasyly ýetişdirmekde kärendeçilere daýhan birleşigi, «Maryşeker» kärhanasy tehnika bilen üpjün edip, olara ýakyndan kömek berýärler.