SIRKULÝAR YKDYSADYÝETIŇ ÝÖRELGELERI

11 Awgust 2024
141

Sirkulýar ykdysadyýetiň möhüm elementi hökmünde «R-strategiýa» diýlip atlandyrylýan ýörelgeler çykyş edýär. Ilkibaşda ykdysadyýetiň bu modeli üç sany ýörelgä esaslanýar: azaltmak (reduce), gaýtadan ulanmak (reuse) we gaýtadan işlemek (recycle). Bu ýörelgeler, birinjiden, tebigy baýlyklary gorap saklamak üçin resurslaryň ätiýaçlyklaryna we dikeldilýän resurslaryň akymlaryna gözegçilik etmäge, ikinjiden, gaýtadan ulanmagyň talaplaryna laýyk gelýän önümleri, önümleriň böleklerini (komponentlerini) we materiallary işläp taýýarlamak hem-de paýlamak arkaly resurslaryň sarp edilişini optimallaşdyrmaga, üçünjiden, ykdysady we ekologik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hereket edýän önümçiligiň daşky ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga şert döredýär.

Wagtyň geçmegi bilen resurslaryň we önümleriň dolanyşygynyň ähli tapgyrlary, şeýle hem akylly sarp etmegi guramagyň usullary göz öňünde tutulyp, sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgeleri özgerýär. Häzirki wagtda sirkulýar ykdysadyýetiň binýadynda 10 (R0 — R9) ýörelge durýar (surat):

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.