Alýuminiň importyny 10 esse artdyrdy

11 Awgust 2024
105

Özbegistan Gazagystandan alýuminiň importyny ep-esli artdyrdy. Has takygy, bu görkeziji 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 10 esse ýokarlanyp, 2 müň 100 tonna ýetdi.

Hünärmenler Özbegistanyň Gazagystandan satyn alynýan alýumininiň möçberini artdyrmagyny ýurduň içindäki zerurlygyň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Import edilen alýumininiň esasy bölegi Daşkent şäheriniň etegindäki alýuminiý profillerini öndürýän zawodda gaýtadan işlenilýär. Ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna taýýar profilleri öndürmäge niýetlenilen bu zawod häzirki wagtda öz önümlerini dünýäniň 50-den gowrak döwletine eksport edýär.