«Mollagara» — melhemler mekany

7 Awgust 2024
113

Tebigy melhemlikler ynsan saglygy üçin örän ýaramlydyr. Şol sebäpli ýurdumyzyň şypahanalarynda tebigy melhemlikler bilen keselleriň öňüni almak, saglygy dikeldiş-bejeriş işlerini geçirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ajaýyp tebigatly Diýarymyzda şypahanalaryň ençemesi bolup, olarda raýatlara döwrebap şertlerde dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hyzmatlar edilýär. «Mollagara» şypahanasy hem ýylyň dört paslynda-da köp adamlydyr. Çünki şypahana gelen her bir ildeşimiz ýa-da daşary ýurtly raýatlar öz saglygyna bahasyna ýetip bolmajak şypa tapýarlar.

Ýurdumyzda ilatyň saglygy barada edilýän aladalar netijesinde «Mollagara» şypahanasynda häzirki zaman innowasion tehnologiýaly kämil lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş bölümleri bolup, saglygy goraýyş işgärleriniň ilata göwnejaý hyzmat etmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen durky düýpgöter özgerdilen «Mollagara» döwrebap ýaşaýyş hem-de palçyk we suw bilen bejeriş binalary, dürli dynç alyş, sport desgalary bolan tutuş şypahana şäherçesidir.

Annasoltan ALHANOWA,
«Mollagara» şypahanasynyň lukmany.