Ene süýdüniň gymmaty

7 Awgust 2024
109

Çagalaryň saglygy sagdyn geljegimiziň gözbaşydyr. Şol sebäpli her bir ýaş enäniň bäbegini iň ýokumly iýmit — göwüs süýdünden iýmitlendirmegi hökmanydyr.

Çagany doglan ilkinji gününden dogry iýmitlendirmek onuň sagdyn ösüp ýetişmegini şertlendirýän esasy zerurlyklaryň biridir. Çünki ene süýdünde bäbegiň kadaly ösüşi üçin zerur ýokumlaryň ählisi bar. Şol sebäpli çaganyň ömrüniň ilkinji 6 aýynda has-da zerur bolan ene süýdi tebigatyň adamzada beren peşgeşidir.

Maýsa BEKMURADOWA,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň akuşer-ginekolog lukmany, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.