Türkmenistanda serwer, maglumat saklaýjy enjamlar öndüriler

29 Iýul 2024
365

Geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de “akylly” öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.