Gün şöhlesiniň ähmiýeti

11 Iýul 2024
253

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dertli gullar asla salmaz ýadyndan, lukmanynyň eden emi nep bolsa» diýip, ynsanlaryň saglygyny goramakda lukmanlaryň maslahatynyň uludygyny nesihat edýär. Biz hem tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ildeşlerimize Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmak barada maslahatlarymyzy ýetirmegi makul bildik.

Tomus bedeniň goraglylygyny ýokarlandyrmak, endamy taplamak üçin iň amatly wagtdyr. Çünki Gün şöhlesi bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde D witamini emele gelip, boýuň ösmegine we bedeniň gorag ulgamynyň berkemegine oňyn täsir edýär. Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Ol ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär.

Begenç HANNYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň doktoranty.