Çagalar we tomus

10 Iýul 2024
276

Tomus paslynda çagalar meýdana çykanlarynda, hökman, başgaply bolmaly. Howanyň yssydygy sebäpli kiçi ýaşly çagalar irden sagat 9-a çenli daşara çykarylmalydyr. Sebäbi irdenki Gün şöhlesinde olara örän peýdaly D ýokumy bar. Çagany şondan soň daşary çykarmaklyk maslahat berilmeýär. Çagalaryň egnindäki eşigi ýeňiljek we açyk reňkli bolsa has gowy.

Yssy günlerde çagaly daşara çykylanda, ýanyňyz bilen hökman suw alyň! Çünki çagalar çalt suwsaýarlar. Olara gaýnadylan suw berilse, içgeçme, garynagyry ýaly howply kesellerden goranmagyna peýdasy deger.

Erkin METtIÝEW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.