SAGDYN HEM BAGTYÝAR GELJEK ÜÇIN

4 Iýul 2024
202

Çagalygy, ýetginjekligi oba ýerlerinde geçen ildeşlerimiz üçin şol ýyllar bilen bagly ýatlamalaryň welosidepsiz güni azdyr. Çünki welosiped çagalyk, ýetginjeklik bilen bagly süýji ýatlamalarymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri. Belki, biz şol ýyllarda onuň jan saglygymyza edýän oňyn täsiri dogrusynda kelle döwjek hem bolan däldiris. Ýöne bizi barja ýerimize çal ýetirýän welosiped saglygymyz üçin, gör, nähili aladalary eden eken.

Şu ýyl Ýer ýüzi taryhda ýedinji gezek Bütindünýä welosiped gününi belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mundan alty ýyl ozal ― 2018-nji ýylyň aprel aýynda hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek bilen bagly Kararnamany kabul etdi. Şol taryhy Kararnama bolsa tutuş adamzada saglyk babatynda ýene bir serpaýy ýapdy.

Durdy MÄMMEDOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň başlygy.