Hil ulgamynyň laýyklyk güwanamasy

3 Iýul 2024
206

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi.

Bu güwänama «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu bolsa kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň nobatdaky üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Hemraguly HAŞYROW,
Arkadag şäheriniň Saglyk öýüniň baş lukmany.