Suwa düşmegiň howpsuzlyk talaplary

3 Iýul 2024
217

Tomus döwrüniň yssy howasy adamlary deňiz ýakasynda, derýalaryň, kölleriň kenarlarynda dynç almaga höweslendirýär. Deňziň sergin howasy, suwuň ýakymly täsiri adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle ýagdaýlarda adamlar käwagt ätiýajy elden berip, gynansak-da, gark bolma ýagdaýyna uçraýarlar.

Gark bolan adamlary ilkinji 3-6 minudyň dowamynda halas edip bolýandyr, emma sowuk suwda şeýle ýagdaýlar 20-30 minuda çenli uzap bilýär. Gark bolan adamy halas etmek üçin onuň yzyndan ýüzüp barmalydyr, ony arkasyna öwrüp, tizden-tiz kenara çykarmaly we ilkinji kömegi bermeli:

Maýsa ÝALKAPOWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.