Türkmenistan — ylymlar ýurdy

13 Iýun 2024
527

Ýurdumyzda ylma we onuň ösüşine aýratyn orun berilýändigi Ylymlar gününiň giňden bellenen çagynda has aýdyň ýüze çykdy. Şanly günde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanmagy has-da guwançly boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşiginiň bu ýylky ýeňijileri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda yglan edildi hem-de baýraklar bilen sylaglandy. Şa sepraýyna mynasyp bolanlaryň arasynda ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplaryň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylaryň, beýleki guramalaryň wekilleriniň bolmagy ählimizi begendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmegiň, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmagyň baş maksatlarynyň biri bolup durýandygy aýratyn bellenilýär. Ýurdumyzyň okgunly ösüşi, aýratyn-da, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara, olaryň netijeli ylmy işlerine baglydyr. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy we olara giň mümkinçilikleriň döredilmegi ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ylym ulgamyny hil taýdan täze derejä çykaran, ýaşlar üçin ajaýyp şertleri döreden Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklarymyz tükeniksizdir.

Wepa ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.