Lukmançylyk klasteri: täze tejribeler, giň mümkinçilikler

12 Iýun 2024
364

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek senagat we önümçilik toplumlarynda, şol sanda lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy halkyň abadançylygy barada edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 8-nji iýunda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda garalan meseleler wajyplygy bilen aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gürrüň bärde, hususan-da, «akylly» şäherde öndürilmegi meýilleşdirilýän, ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk serişdeleri hem-de saglygy goraýyş enjamlary barada barýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu taslama üçin 100 gektara golaý ýer bölünip berildi. Şeýle hem «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.