Ylmyň mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar

11 Iýun 2024
369

Sowatlylyga, ylym-bilime sarpa goýýan halkymyzyň nusgalyk ýörelgeleri ýaş nesliň ylym ýolundaky üşük-zehininiň ýitelmegine itergi berýär. Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksadaokgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakyndaky», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakyndaky» Karardyr Permanlary, şeýle-de «Ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda ylym ulgamynyň netijeli ösdürilmeginiň berk binýady boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturalaryň, doktoranturalaryň, kliniki ordinaturalaryň açylyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary derejeli, ylmy taýdan taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek işleriniň ýola goýulmagy hem täze ösüşlere itergi berýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy daşary ýurt tehnologiýalarynyň önümçilige, ylym-bilim ulgamyna we beýleki ugurlara ornaşdyrylmagy aýdanlarymyzyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ylmyň täze ugurlary boýunça alymlary taýýarlamak, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalaryň taslamalaryny taýýarlamaga alymlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerine uly üns berýär. Hususan-da, oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde her ýyl ýurdumyzda uly üstünlikler we yzygiderli ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda, şu ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, nah we ýüpek pagtanyň döwlet satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy önüm öndürijileriň başlaryny göge ýetirdi. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy gözlegler hem öz netijesini berýär. Mysal üçin, möhüm agrotehniki çäreleriň biri bolan gowaçalaryň ösüş döwründe öz wagtynda mineral dökünler bilen dökünlenmegi olaryň çalt ösmegine hem-de pagtanyň irki möhletde ýokary hasylyny almaga mümkinçilik berýär. Dünýä tejribesinde oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň artmagynyň 50 — 70 göterime çenlisiniň mineral dökünleriň hasabyna alynýandygy bellenildi. Bu gazanylan netijeler hem oba hojalyk pudagyny ösdürmekdäki ylmy gözlegleriň miwesi diýip aýtsak, hakykatdan daş düşmeris.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.