Arterial gipertenziýaly näsaglaryň antigipertenziw dermanlary ulanyşynyň farmakoepidemiologiki barlaglary

7 Iýun 2024
452

Orazgylyç ORAZGYLYJOW
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy

Arterial gipertenziýa (AG) ilat arasynda giň ýaýran kesel bolup, howply ýürek-damar gaýra üzülmelerine getirmek mümkinçiliginiň ýokarylygy sebäpli, saglyk öýi şertlerinde dowamly gözegçiligi we köplenç ýagdaýlarda üznüksiz bejergini talap edýär [1, 2, 6]. Şol sebäpli, AG-ly näsaglaryň saglyk öýlerinde maşgala lukmanlary tarapyndan sagaldyş gözegçiliginde saklanylyşy we olaryň öý şertlerinde antigipertenziw derman serişdelerini (AGS) netijeli ulanyşy barada düýpli barlag işlerini geçirmek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.