Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

17 Maý 2024
799

HEÝKEL BILEN HYÝALY SÖHBET

Uky bilen oýalygyň arasynda nähilidir bir çäk bar. Şol aralyk kime, nämä degişlikä?! Uky gözümi bürüp barýar. Menem her edip-hesip edip uklamajak bolup çytraşýan. Sebäbi wagtyma gözüm gyýanok. Bir käse kofe içdim. Bir çäýnek çaýy tüketdim. Ýüzin düşüp, Mätgurbanyň okamaga beren, özümiň hem gaýtarmazlygymyň gaty mümkindigini aýdan türk dilindäki kitabyny okajak bolýan (Sebäbi eliňe alyp, arkan düşüp okajak bolsaň, gopuk-gopuk sahypalary asmandan inýän guş ýelekleri ýaly, üstüňe dökülmegi mümkin), bolanok. Çiňarkan düşüp, telefonymdaky rusça kitaba ünsümi gönükdirjek bolýan, uky barybir ony ol ýerdenem kowýar (ýa-da sowýar diýsegem bolar), onsoň ymyzganan elimden typyp gaçan telefon gütläp döşüme düşýär. Kompýuteriň ekranyndan tanyş ýazyjymyň entek kitap bolup çykmadyk (haçan çykjagy hem belli bolmadyk) romany-ha öz ene dilimde bolansoň, ukyny ürküzse gerek diýip oýlanjak bolýaryn. Oýlanmak hakda oýlanmaga ýetişmänkäm, dykgatym jyn dagan ýaly duw-dagyn bolýar.

Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil».