Gender deňligi: Milli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirilýär

17 Maý 2024
425

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň çäklerinde «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat şäherindäki merkezi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde gurady. Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa instituty bolsa çäräniň jogapkär edarasy hökmünde çykyş etdi.

Ýokarda ady agzalan Milli meýilnamanyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri öz içine alan söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat we Türkmenabat şäher häkimlikleriniň, bilim hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler ministrlikleriniň welaýatymyzdaky müdirlikleriniň, syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralarynyň wekilleri we hukuk goraýjy işgärler gatnaşdylar.

Amangözel TAGANDURDYÝEWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.