Arassaçylyk we ýokanç keselleriň öňüni almak

1 Maý 2024
438

Sebitde ýeke-täk «akylly» şäheriň gurulmagy bilen onda Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy hem açylyp ulanmaga berildi. Bu ak mermerli döwrebap binada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy hem ýerleşip, beýleki edaralar bilen deň hatarda iş alyp barýar.

Gullugyň işiniň baş maksady ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň guralmagyny, utgaşdyrylmagyny, gözegçiligini we ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrmak bolup durýar. Onuň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ygtybarly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we işlerini iň täze usullar bilen amala aşyrýan dört sany uly bölümleri bolup, onuň düzüminde birnäçe bölümçeler we barlaghanalar hereket edýär.

Maksat GELDINAZAROW,
Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri.