Gün urmadan ägä boluň!

1 Maý 2024
425

Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Onuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden 09:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň, 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli we çagalary Gün urmasyndan goramak üçin başgapsyz gezdirmeli däl. Ýazyň yssy howasynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär.

Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçan-da, bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik etse, adamda keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Daşary çykylanda, Gün urmasyndan goranmak üçin ak ýa-da açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk atynmak, saýawan götermek, Günden goraýjy äýnekleri dakmak maslahat berilýär. Ýiti Gün şöhlesinden goranylmadyk ýagdaýynda deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Şeýle-de, gözüň şikes almak ähtimallygy artýar.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.