Baýlygyň sakasy — saglyk

1 Maý 2024
488

Saglygyň baş baýlyga deňelmegi ýöne ýere däldir. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýip nygtaýşy ýaly, onuň gadyryny bilip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek gerek. Çünki sagdyn adam ruhubelent bolýar, durmuşda islendik işe maksada okgunlylyk bilen çemeleşýär. Sagdyn ynsanlaryň sagdyn jemgyýeti kemala getirýändigini hem durmuş bize aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň saglygyny goramak, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda ençeme hassahanalardyr dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olarda häzirki zamanyň döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny buýsanç bilen belläsimiz gelýär.

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.