Bulary bilmek peýdaly

30 Aprel 2024
458

Witamin ýetmezçiligi beden sagdynlygynda dürli näsazlyklaryň peýda bolmagyna getirýär. Meselem, A witamininiň ýetmezçiligi görşüň bozulmagyna we bedeniň umumy gorag funksiýalarynyň gowşamagyna, ýygy-ýygydan sowuklama we deri bilen bagly nähoşluklara sebäp bolýar. B toparynyň witaminleriniň ýetmezçiligi, adatça, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň bozulmagy, aşgazanasty mäz we bagyr keselleri bilen häsiýetlendirilýär. Bedende C witaminiň ýetmezçiligi bolsa, gan damarlarynyň, süňkleriň we diş syrçalarynyň döwülmegine getirýär. Bedende beýleki peýdaly elementleriň we witaminleriň azalmagy sebäpli ýüze çykýan ýetmezçilik, iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmagyna, saçyň haýal ösmegine, gormonal bozulmalara we başga-da köp hadysalara getirip bilýär. Şu sebäpli-de, witamin we mineral gory hasaplanýan iýmitlerden yzygiderli peýdalanmak her bir adam üçin hökmany zerurlykdyr.

Eger bedeniňizde aşakdaky alamatlar bar bolsa, olary ýeňletjek iýmitlerden peýdalanmagy hem bilmegiňiz gerek:

Hatyja BALLYÝEWA,
Bäherden etrap hassahanasynyň lukmany.