«Açyk gapylar» günlerinde bilime, ylma höwesli zehinli ýaşlara hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli parasatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim hem-de bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, institutda taýýarlanylýan hünärler, sport we bedenterbiýe boýunça alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, usulyýet, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler. Şeýle hem ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlara gatnaşyp hem-de tomaşa edip bilerler.
«Açyk gapylar» günleri institutda şu ýylyň 1— 6-njy apreli aralygynda geçirilip, her gün sagat 14:00-da başlanýar.