Ir-iýmişleriň peýdaly häsiýetleri

7 Fewral 2024
723

Türkmen topragy dürli häsiýetdäki dermanlyk ösümlikleriň jemlenen mesgenidir. Muny Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinden hem hemmämiz bilýäris. Gündogaryň meşhur alymy Ahmet Bijanynyň «Ýaradylan ajaýyplyklaryň geň galdyryjylygy» atly kitabynda hem gözel Diýarymyzyň ir-iýmişleriniň, miweleriniň adamyň jan saglygyna peýdasy barada gymmatly maglumatlar berilýär. Bu eser türkmen alymlary tarapyndan ylmy taýdan öwrenilip, onuň adam saglygy üçin bahasyz gollanmadygy ykrar edildi.

Meşhur alymyň bu kitabynda injiriň peýdasy, ony ulanmagyň usullary barada giňişleýin maglumat berlipdir. Ol: «Injiriň suwuny çüýrän dişe çalsalar, peýdalydyr. Syrkaw kişä injir hoş ýakar. Injiri köp iýýän adamyň ýüzi nurly bolar» diýip beýan edipdir. Ol nar agajynyň ähmiýeti barada hem: «Nar agajynyň şahasyny bir ýerde goýsalar, ol ýerdäki mör-möjekler gider» diýip belläp geçipdir. Bu usul häzir hem ene-mamalarymyz tarapyndan ulanylýar. Nar agajynyň ýapraklary ýüňden taýýarlanan önümleri, başgaplary, içmekdir ýüň çäkmenleri, haly-palaslary güýeden goramakda heniz-henizler hem ulanylýar. Mör-möjekleriň halamaýan ysyny bölüp çykarýandygy üçin, onuň ýapragyny bugdaýyň ýa-da arpa dänesiniň arasynda goýupdyrlar. Naryň gany arassalamak, azganlylygy kadalaşdyrmak häsiýetiniň bardygyna hem ir döwürlerde göz ýetiripdirler.

Ogulbahar NEPESOWA,
Görogly etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň hasapçysy.