Saglygy goraýyşdaky belent sepgitler

7 Fewral 2024
472

Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler bu ugurda döwlet derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň nyşany bolup durýar. Häzirki zamanyň iň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ulgamda işleriň barha öňe ilerleýändiginiň güwäsidir.

Saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigi, döwrüň talaplaryna laýyklykda, olaryň yzygiderli täzelenýändigi ulgamda alnyp barylýan özgertmeleriň gitdigiçe kämilleşýändigini görkezýär. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany» şolaryň hatarynda buýsanç bilen görkezmek bolar. Bular ýurdumyzda adamlaryň saglygyny gorap saklamagyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň nyşanydyr.

Nazdurdy Handurdyýew,
welaýat «Ene mähri» merkeziniň stomatolog lukmany, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.