Gök önümleri we miweleri köpräk iýiň!

5 Fewral 2024
427

Ine, lukmanlaryň kesellerden goranmakda tekrarlaýan sözleri. Ýylyň ähli paslynda-da miweleri we gök önümleri iýmek örän möhümdir. Çünki miweleriň hem-de gök önümleriň köpüsinde kalsiý, magniý, demir, sink bolup, olary ter görnüşinde iýmek has peýdalydyr. Adamlara her gün azyndan 400 gram miwe we gök önümleri iýmek maslahat berilýär. Olaryň bir görnüşi beýlekisiniň ornuny tutmaýar, her biriniň adam bedenine peýdasy uludyr. Mysal üçin, pomidor adam saglygyna örän nepli bolup, ol düzüminde A, C, K, B1, B3, B6, B7 witaminlerini, şeýle-de demir, sink, magniý elementlerini saklaýar. Ol gan-damar ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar, böwregiň oňat işlemegine ýardam berýär. Ýürek keseliniň döremek howpuny azaldýar, iýmit siňdiriş ulgamyna we bagra kömek edýär. Pomidoryň baý düzümi deriniň sagdyn bolmagyna kömek edýär we düwürtikler bilen göreşmäge ukyplydyr. Onuň şiresi gandaky C witamininiň mukdarynyň artmagyna ýardam etmek bilen, bedeniň immunitetini güýçlendirýär. Süňklerdäki kalsiý ýetmezçiliginiň öwezini dolmakda hem pomidoryň peýdasy uludyr. Saçyň öwşün atmagy we ýumşak bolmagy üçin biziň gündelik iýmitlerimize K witamini gerek bolýar. Saçymyzyň çalt ösmegi we gür bolmagy üçin pomidoryň şiresini içmek maslahat berilýär.

Hyýar düzüminde köp mukdarda suw, peýdaly witaminleri we kaliý duzuny saklaýar. Ol iýmit siňdiriş mäzleriniň işleýşini artdyrýar, gany arassalaýar. Ýadawlygyň aýrylmagyna, der çykaryjy mäzleriň durnukly işlemegine kömek edýär, ýürek we damar kesellerinden bedeni goraýar.

Taýýarlan ýörite habarçymyz.