Sagdyn diş – saglygyň girewi

19 Ýanwar 2024
806

Adamzat ýaşaýşynda möhüm orun eýeleýän iýmitiň lezzetini duýmakda, ony çeýnemekde dişleriň ýerine ýetirýän işleriniň uly ornunyň bardygyny belleýär. Haçanda, iýmit doly we dogry çeýnelmedik ýagdaýynda onuň ýokumynyň ýokdugy, lezzetiniň peselýändigi we umumy bedene şol sanda iýmit siňdiriş ulgamyna zyýanly, oňaýsyz täsirleriniň bardygy, iýmitdäki ýokumly maddalaryň çäkli derejede peýdasynyň bolýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Doly we dogry çeýnelen iýmitiň düzümindäki ýokumly maddalar iýmit siňdiriş ulgamynda oňat özleşip, beden üçin gerekli derman bolup beden agzalary hereket eden ýagdaýynda, oňa güýç-gaýrat berýär hem-de aň- düşünjäniň giňelmegine, ýaşaýyş üçin gerekli bolan ýokumly madallaryň bedende toplanmagyna uly ýardam edýär.

Baş saglygyň sakasy dogry we kadaly iýmitlenmek bilen bagly. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Adamyň ýokumly iýmitlenmegi, iýmitiň özleşmekligi, iýmit kabul edilende gowy çeýnemekligi üçin sagdyn dişler gerek. Agyz iýmit siňdiriş ulgamynyň ilkinjisi bolup, iýmitleriň siňdirilmäge başlanýan agzasydyr. Diş iň berk synalaryň biri hasaplanýar. Ýetginjeklerde 32, çagalarda bolsa, 28 diş bolup, iýmitleriň çeýnelmegini üpjün edýär. Çagalykda çykan süýt dişleriň ýerine wagtyň geçmegi bilen berk, çeýe dişler çykýar.Haçanda diş saglygyna üns berilmese, şekerli iýmitler köp iýlip soňundan agyz boş-lugy suw bilen çaýkalmasa ya-da çotga bilen arassalanmasa, olaryň arasynda galan iýmit bölejiklerini mikroorganizmler iýip köpelýärler. Bu hem dişleriň kem-kemden çüýremegine getirýär. Bulardan başga hem hoz, şänik, pisse ýalylaryň diş bilen ça-kylmagy, naharyň aşa gyzgyn ýa-da sowuk iýilmegi, iňňe ýaly zatlar bilen dişleriň synçgylanmagy olaryň zeperlenmegine getirýär.

Jeýran IŞANKULYÝEWA
Lebap welaýat stomotologiýa merkeziniň diş bejeriş lukmany