Saglyk — baş baýlyk

14 Ýanwar 2024
592

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseli — bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli bolup, wirusly gelip çykyşlydyr we beden synalaryny düýpli gowşadýar, immunitetiňi pese düşürýär. Bu wiruslar näsag adamdan howa-damja ýollary arkaly geçip bilýär. Ol çalt ýaýraýar, netijede az wagtyň içinde belli bir ýerde köp adam keselleýär. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Onuň köpçülik ýerlerine barmagyny çäklendirmeli.

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselinde öz-özüňi bejermäge ýol bermeli däldir. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Derman serişdelerini özbaşdak, esasan-da antibakterial derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman ulanmaly däl, sebäbi kesel dörediji wiruslara, antibakterial serişdeler täsir etmeýärler, olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň peselmegine getirer.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.