Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuş

9 Ýanwar 2024
667

Ilatyň jan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselesi döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlary, bu pudagyň öňünde durýan maksatlar, strategik wezipeler her bir watandaşymyzyň beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagyny, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegini, sport bilen meşgullanmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de dürli keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň kepili bolan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Geçen ýylyň aýagynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi. Forumyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Bu forumda ýaşlaryň ähli ugurlarda ýurduň ösüşine goşýan goşandy dürli bölümçeler boýunça ýaýbaňlandyryldy. Beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmegiň möhüm ugurlaryna «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar — kuwwatly ösüşiň berk binýady» atly bölümçede garaldy. Onda saglygy goraýyş, bilim, ylym ýaly möhüm ulgamlarda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri hem-de ýeten sepgitleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Adam, onuň saglygy, bagtyýarlygy baradaky aladanyň ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Milli saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi esasynda dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek işinde ýokary netijeler gazanylýar.

Bahargül ÖRÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.