Saglyk — baş baýlyk

9 Ýanwar 2024
772

Gyş paslynda howanyň sowamagy möwsümleýin keselleriň döremegine sebäp bolup biler. Olardan goranmak üçin kesele garşy durnuklylygyň, ýagny immunitetiň ýokary bolmagy zerur. Muny gazanmak üçin bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Immunitetiňizi ýokarlandyrmak üçin hökman askorbin turşusyna baý içgileri, miwe şirelerini içiň. Olara bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri degişlidir. Günüň dowamynda kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini iýmek maslahat berilýär.

Jeren JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň baş lukmany.