Sagdyn durmuş ýörelgesi

6 Ýanwar 2024
622

Ynsan saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna hem-de durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala durmuşy, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuş keşbine, gysgaça, sagdyn durmuş ýörelgesi diýilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek arassaçylygyň kadalaryny doly hem dogry berjaý etmekden başlanýar. Dogry iýmitlenmek ynsan ömrüniň iň wajyp meseleleriniň biridir. Bu düzgün adam bedeni üçin zerurlykdyr. Ol ynsan bedeninde bolup geçýän öwrülişigiň sazlaşyklylygynyň saklanmagyna ýardam berýär. Fiziki we ruhy täsirler wagtyň geçmegi bilen diňe bir beýniniň däl, bütin bedeniň işjeňligini peseldip bilýär.

Aýlar MÄMMÄÝEWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy işgäri.