BA­LYK — sag­dyn­ly­gyň hem­ra­sy

4 Ýanwar 2024
691

Biziň saglygymyz dogry iýmitlenmegimiz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ýokumly maddalara baýlykda balyk etiniň orny uludyr. Balygyň adam saglygyna peýdasy barada Lukman hekim öz ylmy ýazgylarynda belläp geçipdir. Şonda ol göwresi kiçiräk balyklaryň we deňiz balyklarynyň has peýdalydygyny aýratyn nygtapdyr. Nerw dartgynlylygyndan yzygiderli ejir çekýänlere-de balyk iýmegi maslahat beripdir. Ol: «Ähli balyklaryň çorbasy aşgazany ýumşadýar» diýip hemişe nygtapdyr.

Deňiz balyklary süýji suwdaky balyklara garanda has ýagly, omega-3, 6 maddalaryna we antioksidantlara baý bolýar. Bu balyklar aşgazanasty mäz üçin peýdaly bolan ýoda-da has baýdyr.

Taýýarlan Aly ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.