Baş baýlygyň gymmaty

27 Dekabr 2023
527

Ýurdumyzda ynsan saglygyny hemmetaraplaýyn goramakda ýetilen belent sepgitler, üstünlikli dowam etdirilýän tutumly işler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Bu babatda gazanylan üstünlikler döwlet derejesinde edilýän köpugurly aladalaryň netijesidir. Dünýä nusgalyk şeýle aladalar döwletimiziň ýöredýän durmuş syýasatynyň özenini düzmek bilen, lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny hem-de hil derejesini kämilleşdirmekdäki, onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmekdäki giň möçberli işler biri-birine ulaşýar. Daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de endiklerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmekde gazanylýan üstünliklerem şeýle aladalaryň oňyn netijeleridir. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň ajaýyp miweleri bolan şeýle tutumlar täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Halkyň saglygy bolsa kuwwatly döwleti häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biridir. Milletiň saglygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan maksatlaryň rowaçlyklara beslenmeginiň möhüm şertleriniň biridir.

Tagan TAGANOW,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.