Sagdyn durmuş ýörelgesi

26 Dekabr 2023
585

Baş saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmekdir. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler beden agzalary, fiziologiki maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar bedende madda çalşygyny kadalaşdyrmakdan başga-da güýç-gaýrat berýär, gyş günlerinde bolsa, ýylylyk çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Ýag beloga, uglewoda garanda, ýylylygy iki esseden hem agdygrak bölüp çykarýar. Bedende derwaýys suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Her bir adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almalydyr.

Gülşirin ANNADURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.