YNSANPERWERLIGE BAGYŞLANAN MASLAHAT

25 Dekabr 2023
887

Mätäje  goldaw  bermek ,  ynsanperwerlik ,  hossarsyz  çagalary  üns-alada  bilen  gurşamak  türkmen  halkynyň  iň  gowy  gylyk-häsiýetleriniň, aň-düşünjesiniň  esasy  aýratynlyklarynyň biridir. Ýaş  nesliň  hukuk  we  durmuş  taýdan  goraglylygyny    üpjün  etmek, halkymyza  gadymdan  mahsus  bolan  ruhy-ahlak,  medeni   gymmatlyklary  dünýä  ýaýmak,  sagdyn  durmuş   ýörelgelerini  wagyz  etmek, ýaşlarda  watansöýüjiligi,  ynsanperwerligi,  raýat  jogapkärçiligini  terbiýelemek, olaryň  başlangyçlaryny  goldamak  we  höweslendirmek  milli  strategiýanyň  esasy  ugurlaryny  bolup  durýar.

Milli   kadalarymyza  esaslanýan  däplerimizi  ata-babalarymyzyň  asylly  ýoluna  görä  dowam  etmekde  hut  şu  ýylyň  özünde  geljegiň,  döredijiligiň,  ýaşlygyň  şäheri  bolan  Arkadag  şäheriniň  açylyp  ulanylmaga  berilmegi  ähmiýetlidir.  Türkmen  halkynyň  Milli Lideri   Gahryman  Arkadagymyzyň  howandarlygynda  bu  ýerde  ýurdumyzyň  taryhynda  ilkinji  gezek  ýokary  hilli  döwrebap  enjamlar  bilen  enjamlaşdyrylan    Gurbanguly  Berdimuhamedow  adyndaky  çagalar  sagaldyş-dikeldiş    merkeziniň  öz  işine  başlamagy  hemaýata  mätäç  çagalara kömek  etmek   boýunça  giň  gerimli  işleri  ep-esli  giňeltmäge mümkinçilik  berdi.

„Zenan kalby“.