Saglyk serpaýy

23 Dekabr 2023
774

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Indi ýylyň-ýylyna Diýarymyzyň ähli sebitlerinde iň kämil, ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk, saglygy dikeldiş merkezleri, saglyk öýleri bina edilip, olarda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da saglygy goraýyş ulgamynda uly işler durmuşa geçirilip, ýokary netijeler gazanyldy. Diňe şu ýylyň dowamynda öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan saglyk maksatly döwrebap desgalaryň birnäçesiniň, şol sanda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saglygy goraýyş müdirliginiň we onuň düzüminde 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň, saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasyň ulanmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilýär. Ýurdumyza dürli ýyllarda berlen güwänamalaryň birnäçesi hem muny doly tassyklaýar. Golaýda saglygy goraýyş ulgamyna täze güwänamalaryň berlendigi baradaky hoş habar bizi diýseň begendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan ýurdumyza berlen güwänamalaryň 27-nji dekabrda geçiriljek ýaşlar forumynda gowşurylmagyna garaşylýar. Munuň özi tamamlanyp barýan ýylyň möhüm wakalarynyň ýene biri bolup taryha ýazylar.

Akjemal DURDYÝEWA,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň reproduktiw saglygy goraýyş milli merkeziniň ýolbaşçysy.