Adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidýär. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO-nyň V klubunyň açylandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.
Klubyň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa çykyş etdi.