Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saglygy goraýyş müdirliginiň we onuň düzüminde köpugurly hassahananyň, onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň hem-de saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasynyň ulanmaga berilmegi-de aýdylanlaryň aýdyň şaýadydyr.
Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleriniň, şypahana edaralarynyň, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalaryň, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň gurulmagy bu ugurda Türkmenistanyň taryhyna şöhratly sahypalaryň ýazylýandygyny görkezýär.