Halkyň saglygy hakynda alada

7 Dekabr 2023
548

Ýylda noýabr aýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) başlangyçlary bilen öýkeniň dowamly obstruktiw kesellerine garşy Bütindünýä göreş güni bellenilip, şol gün dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem, öňüni alyş we habar beriş çäreleri geçirilýär. Şu ýylda halkara ähmiýetli bu senä bagyşlanan çäre — «Ýaşaýyş dem alyşdan başlanýar» atly ylmy-amaly maslahat Halkara okuw-ylmy merkezinde geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar öýkeniň dowamly obstruktiw keselleriniň bejergisinde antibakterial derman serişdelerini ulanmagyň mümkinçilikleri, antibiotiklere durnuklylygyň ýagdaýy, bronhial astma keselini bejermekde we dikeldiş çärelerini geçirmekde bejeriş bedenterbiýesiniň orny, maşgala lukmanlarynyň amaly işinde öýkeniň dowamly obstruktiw kesellerine garşy göreşmegiň ugur-ýollary, dem alyş ýollarynyň keselleriniň döremeginiň esasy howp faktory bolup durýan çilimiň tüssesiniň bedene zyýanly täsiri baradaky çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlediler. Daşary ýurtly hünärmenleriň teleköpri arkaly eden çykyşlary hem maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ylmy-amaly maslahatda öýkeniň dowamly obstruktiw keselleriniň häzirki zaman bejeriş usullary barada pikir alşyldy.

TSG we DSM-niň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy.