Halk hakynda alada

6 Dekabr 2023
465

Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar asuda, abadan, ruhubelent durmuşymyzyň özenini düzýär. Watanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäde abadançylygyň, ösüşiň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine tarap çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek bilen bagly ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda bitirilen beýik işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär.

Munuň şeýledigini ýaňy-ýakynda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen, Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň berilmegi Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny goraýyş ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Ýokarda agzalan güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýar.

Süleýman GURBANÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.