Ýiti respirator keselinden goranmagyň usullary

6 Dekabr 2023
510

Gyş paslynyň gelmegi, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we öňüni almak üçin her bir adam bedenini pasla görä taplamaly hem-de keselleriň geçip biläýjek ýollary barada habarly bolmaly.

Ýiti respirator keseli näsag adamdan sagdyn adama asgyranda, üsgürende, gürleşende howa-damja ýollary bilen geçýär. Kesel dörediji wiruslar bedene aralaşandan soň, keseliň döremegi adamyň immun ulgamyna bagly bolýar. Eger-de adamyň keselden goraýjylyk (immun) ulgamy ýokary bolsa, bedeniň özi wirusa garşy göreşip bilýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi, burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kähalatlarda keseli özbaşdak bejermek bilen meşgullanyp, dürli antibakterial dermanlary içmek keseliň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, şeýle-de bedende witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirýär.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.