Bagtyýarlygyň sakasy

6 Dekabr 2023
632

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş medeniýetini täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Halkyň beden we ruhy saglygyny goramagyň döwlet syýasatynda üns merkezinde goýulmagy adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Saglygy goramagyň ýokary netijeli, ygtybarly hem-de ýeňil usuly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bolup durýar.  Arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy şertleridir.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyzda beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleriň kemala gelmegi gazanylýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek üçin ähli şertleriň üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Ata Watanymyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň subutnamasydyr.

Şeker JORAÝEWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.